Gadymy dessurlar: çile saçy

22 Noýabr 2024
277

Bäbejik dünýä inensoň, ol maşgalanyň göz-guwanjy bolup, öýde süýji aladalar başlanýar. Çaga doglandan kyrk güne çenli daşky howa şertlerine uýgunlaşma döwri dowam edýär. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän adatlara görä, şol döwre «kyrk çile» diýilýär. Ir döwürlerden bäri aňymyza siňen milli göreldämiz lukmançylygyň ündeýän kadalary, düzgünleri bilen gabat gelýär.

Entek dogulmanka enesinden alan estrogen gormonlarynyň esasynda çagada kyrk güne çenli bedeniniň gyzarmagy, çile saçynda kesmekleriň bolmagy ýaly birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Saçdaky şol kesmekleri aýyrmak üçin pagta ýagyny ulanmak maslahat berilýär. Munuň üçin ýagy aýna gaba salyp, içi suwly gapda gaýnatmaly. Zyýansyzlandyrylan, ýagny sterilizasiýa geçirilen ýagy çaganyň çile saçyna çalyp, ýumşatmaly. Ondan soňra ownuk dişli darak bilen daramaly. Eger-de şol kesmekler wagtynda aýrylman allergiki ýagdaýlar ýüze çykan halatynda oňa ene-mamalarymyz «çile düşme» diýýärler. Lukmanlaryň dili bilen aýdylanda ekssudatiw diatez keseli ýüze çykýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.