Türkmenabat şäherindäki «Bek» hususy kärhanasynda datly süýji-köke önümlerini öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän bally, şokoladly, miweli, künjüli we dürli ýakymly tagamly süýjüleriňdir kökeleriň hyrydary barha artýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ferýuza Demirowa degişli bolan bu önümçilikde Türkiýede, Russiýa Federasiýasynda we Italiýada öndürilen kämil enjamlar bökdençsiz işledilýär. Bu ýerde dürli datly önümleriň 100-den gowrak görnüşi öndürilip, alyjylara ýetirilýär. Önümçilikde 30-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada taýýar önümleri Türkmenabat şäheriniň we şähere ýakyn etraplaryň ilatyna eltip bermek hyzmaty hem guraldy.