Tebigat — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

20 Noýabr 2024
282

Tebigat we onuň gözellik dünýäsi, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyk baradaky çeper oýlanyş asyrlarboýy türkmen edebiýatynyň üns merkezinden düşmän, ýyllarboýy taraşlanyp, şu günlerimize çenli kämilleşip gelipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ekologiýa düşünjesi we tebigata söýgi bilen terbiýelenen ýaş nesillerde kämil ynsanperwer garaýyşlar kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaly asylly ýaşaýyş endiklerini terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ekologiýa medeniýeti — bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşyny üpjün edýän ýörelgeleriň jemidir. Şeýle hem tebigy gurşawa aýawly çemeleşilmegine täsir edýän ynsanperwer garaýyşlara esaslanýan düşünjeleriň toplumydyr. Ekologik bilim — bu ugra dahylly düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.