Ispaniýanyň Zaragoza şäherinde ýerleşýän «Pawilýon» köprüsi dünýä belli arhitektor Zaha Hadidiň uly taslamalarynyň biridir. 2008-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen köpriniň içinde sergi zaly ýerleşýär. Şäher ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň iň gatnawly ýeri bolan bu ýerde ajaýyp sungat eserleri, taryhy ýadygärlikler sergilenýär. Aýratyn-da, deňiz we derýa suwlaryna degişli sergiler bu ýere gelýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Ebro derýasynyň üstünde gurlan 280 metr aralyga uzalyp gidýän köpri tebigy gözelligi döredýänligi we binagärlik aýratynlygy bilen ispaniýalylaryň buýsanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda ajaýyp köprini görmek üçin dünýäniň dürli döwletlerinden ýörite syýahatçylar yzygiderli gelýärler.