Bilimli nesil — kuwwatly Watan

20 Noýabr 2024
259

Ýaş nesillere bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýan, uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri-de Aýlar Annakuliýewadyr. Aýlar mugallym Ukraina döwletiniň Kiýew şäheriniň milli lingwistiki uniwersitetini üstünlikli tamamlap, Türkmengala etrabyndaky 4-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Häzirki wagtda bolsa ýaş mugallym Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdepde işleýär.

Aýlar mugallymyň 8 ýyl iş tejribesi bolup, ol iňlis dili dersi boýunça okuwçylara okatmagyň täze usullaryndan peýdalanyp bilim berýär. Onuň bilim berýän ýaş nesilleriň ders bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp, mekdep hem etrap derejesinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Mugallym ýaş nesilleriň bilimli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Zähmetsöýer, hünäriniň ussady bolan Aýlar mugallyma ene-atalar çäksiz sagbolsun aýdýarlar.