Beden maşklary barada

20 Noýabr 2024
212

Lukman Hekim: «Ýuwaşdan we öz wagtynda beden maşklary bilen meşgullanýan adam syrkawlygy aradan aýyrmaga gönükdirilen bejerişe mätäç däldir» diýse, Gippokrat: «Kim iş ukyplylygyny, saglygyny, gymmatly we şadyýan ömrüni saklamak islese, gimnastikany, beden maşklaryny, pyýada ýöremekligi gündelik durmuşyna berk girizmeli» diýip belläp geçýär. Bular beden maşklarynyň adamyň saglygy üçin örän peýdalydygyny görkezýär.

Beden maşklary adamyň beden taýdan kämilleşmegidir. Irdenki maşklar hasam ähmiýetlidir. Säher bilen ýerine ýetirilýän maşklar adam bedenini taplaýar, nerw dartgynlylygynyň öňüni alýar, bedeniň gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Hut şonuň üçinem muny endige öwürmek hökmandyr. Yzygiderli edilýän maşklar ýürek myşsalaryny güýçlendirýär, öýkeni türgenleşdirýär. Munuň özi bedeniň kislorod bilen üpjünçiligini kadalaşdyrýar. Fiziki işjeňlik çagalaryň we ýetginjekleriň süňk ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýar, myşsalaryň sagdyn ösmegine ýardam edýär. Maşklaryň ukyňy kadalaşdyrmakda, keýpiňi çaglamakda hem peýdalydygyny bellemek gerek.