Şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy

20 Noýabr 2024
264

Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan ugur alnyp, üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn uly mana eýedir. Bu bir tarapdan, akyldar şahyrymyzyň döredijilik dünýäsini öwrenmegi, köpçülikleýin wagyz etmegi nazara alsa, ikinji tarapdan, halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny, milli sungatyny, çeper edebiýatyny we asylly däp-dessurlaryny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmagy öz içine alýar. Şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary berkitmek we kämilleşdirmek arkaly ata Watanymyzy özgertmek wezipesini örboýuna galdyrýar.

Magtymguly Pyragynyň il agzybirligi, ýurt berkararlygy barada eden ýürek arzuwlary, köňül islegleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň hakykata öwrüldi. Ynsanlary ahlaklylyga, sagdynlyga, ynsanperwerlige, Watany söýmäge, mertlige çagyrmak şahyryň şygryýet dünýäsiniň esasyny düzýär. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi, durmuşy goşgulary bu gün halkyň ýüreginde täze joşgun bilen güýçlenýär, ýokary ahlak duýgularyny oýarýar. Hut şonuň üçin akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşulan döredijiligine bolan sylag-sarpa hem, gyzyklanma hem barha artýar.

Aknur DURDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.