Bag­ban yhlasy

19 Noýabr 2024
234

Dogrusy, esasy käriniň daşyndan daýhançylygam, bagbançylygam ýöredýän, bu babatda hem diňe öz obasynda däl, eýsem, ýaşaýan etrabynda-da kemsiz adygan Döwletjan köp-köp baglary ýetişdirip kän sogap gazanan hem bolsa, hurma agajyny ekip, kemala getirip, onuň miwesini obadaşlaryna, il-gününe hödürläp iýdirmegiň arzuwyndady.

Ynha, günleriň bir güni öz ýaşaýan obasyna golaý Wekilbazar etrabyndaky tanyşlarynyňka baran mugallymyň gözi howlynyň içindäki düzüm-düzüm miweli, görseň gözüňi dokundyrýan, ýapraklarynyň hemmesi baldagyndan tänip ýere gaçan owadan agaçda eglendi. Ol diýseň owadan bu miweli agajy heniz görmändigini aýdyp, onuň bilen içgin gyzyklandy. Maşgalabaşy onuň hurma agajydygyny, Lebapda ýaşaýan dostundan nahalyny alyp, getirip, oturdandygyny, berlen maslahatlara laýyk gowy garaşyk edilen agajyň bolsa, 3 ýyldan soň, özüni diýseň tagamly miwe bilen hezzetländigini guwanç bilen myhmanyna gürrüň berdi. Şondan soň, Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Görelde obasynda ýaşaýan Döwletjan Öwezmyradow hem Lebaba gidip, tanşynyň salgy beren dostundan hurma agajynyň nahalynyň 4-sini getirip, melleginde oturtdy. Olaryň idegini ýetirip, maksadyndan myrat tapdy. Özüniň köp ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdiren bagbançylyk ýörelgelerini netijeli peýdalanyp, hurma nahallaryny hem öz eli bilen ýetişdirip başlady.

Al­la­ber­di SA­PAR­GEL­DI­ÝEW,
öz ha­bar­çy­myz.