Ge­ze­ge­niň gaý­dyp gel­me­gi (He­ka­ýa)

19 Noýabr 2024
233

Kakam Köneürgenç düzlügindäki Monjukly kanalynyň boýundan ekin ekmek üçin kärendesine ýer alansoň, ir baharda maşgalamyz bilen şol ýere göçdük. Sary daýym ol ýerde biziň üçin daş-töweregi derekdir söwütlige, igdelige bürenen üç otagly jaýam tapyp goýupdyr.

Şol ýyl kakamyň yhlasy bilen, ekinlerimiz bitginli boldy. Güýzde hasyl ýygnalýan wagty kakam harman jaý edip, alan dänelerini haltalara salyp, ýörite ammar jaýymyzda tertipläp goýdy, ýöne soňky günler ammar jaýymyz bilen ekin meýdanlarymyzyň golaýynda üýtgeşik gazylan täze kürenlerem peýda bolup başlady. Asyl, görüp otursak, şol kürenlerde biziň ýygnan dänelerimizi gije-gündiz hinlerine daşaýan gatyguýruk, kör syçan ýaly ýabany gemrijiler ýaşaýan eken.

Aý­na­bat ATA­ÝE­WA.