Mukaddeslik

19 Noýabr 2024
292

Ýaşyň ulalyp, akylyň goýaldygyça düşünjäň we dünýägaraýşyň giňäp barýar. Soňky wagtlar nämüçindir tebigata ýakyn bolupdyryn. Ene topragyň üstünde — çägelik, otjumak meýdanlarda oturyp, baglaryň saýasynda saýalap, guşdur gumrularyň durmuşyna syn edýärin. Geň galaýmaly, hat-da guşlaryň durmuşy hem adamlaryň durmuşyna çalymdaş. Men muny diýmek bilen, ene barada gürrüň etmek isleýärin. Ene hemme ýerde we ähli wagtda eneligine galýar.

Täsinje owaz edýän ene gumry, ine, ýene çagalaryny naharlamaga başlady. Uzynly gün agzy bilen nämedir bir zatlar daşap, üç çagasyny ekleýän ene gumrynyň öz ahwalyndan welin hiç kimiň habary ýokdy. Olar diňe ene ganatynyň aşagynda ýylanyp, onuň getiren zatlaryny iýmek bilen rahatlanýardylar. Ene gumryny synlap oturyşyma ejeler hakynda pikire çümdüm. Näçe ýaşandygymyza garamazdan, howa sowasa egnimizdäki eşiklerimizdir iýen-içen zatlarymyz, saglygymyz bilen içgin gyzyklanyp, jany-teni bilen bizi gorap ýören ejelerimiz, gör, biz üçin näçe zähmete, näçe jebir-jepa döz gelipdirler. Ukusyz geçirilen gijeler, irginsiz zähmetler, üzüp bolmajak yhlaslar...

Şirin ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.