Zähmetiň sarpaly diýary

19 Noýabr 2024
296

Ata-babalarymyz döwlete humaý guşy saýa salsa, işleriň elmydama oňuna bolýandygyna asyrlarboýy yrym edipdirler. Döwürler we düşünjeler özgerse-de, hakydalarda bir hakykylyk elmydama ýylpyldap dur: Döwletiň başynda öňdengörüji, paýhasly, ýüregi halka ýakyn syýasy Baştutan oturanda, ähli mümkinçilikleri döwletiň, milletiň gülläp ösüşine bagyş edip, durmuşda garaşanyňdan has köp zatlary gazanyp bolýar. Bu gün türkmen halkynyň beýik ösüşler bilen galkynan ykbalynda şol humaý saýaly, Hydyr nazarly Gahryman Ogul hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdyr. Garaşsyzlygyň, watansöýüjiligiň, dost-doganlygyň çuňňur manysy bilen nesilleri terbiýeläp, bagtly geljegi gurýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz uly ösüşleri gazanýar. Öňde goýlan belent maksatlara, arzyly sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty Türkmenistany taryhdaky şan-şöhratyndan hem has abraýly derejelere, türkmen halkyny uly sylaglara, mertebelere eltdi. Sözümiziň güwäligi hökmünde dünýäniň iri-iri döwlet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylarynyň, alymlarynyň, syýahatçylarynyň we ykdysatçylarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryna, bereketli tutumlaryna, bitirýän ajaýyp işlerine berýän uly bahasyny ýatlamak ýeterlikdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän her bir pikiriniň, ideýasynyň aňyrsynda diňe bir Türkmenistanyň ýa-da türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň, ýakyndaky we alysdaky adamlaryň, ähli halklaryň bähbidini nazarlamak ýörelgeleri ýatandyr. Şonuň üçin dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleri, syýasy we jemgyýetçilik guramalary Milli Liderimize, Döwlet Baştutanymyza hormatly atlary dakyp, ylmy derejeleri bermegi özlerine buýsanç hasaplaýarlar. Milli Liderimiziň döwletlilik ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan işleriň, ýetilen sepgitleriň, hasyl edilen maksatlaryň mysalynda halkymyzyň geljege örän ynamly, ruhubelent barýandygyna göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzda raýatlaryň bolelin ýaşaýşy, oňyn durmuş şertleriniň döredilmegi ugrunda gije-gündiz edilýän aladany her birimiz gözümiz bilen görüp, göwnümiz, ýüregimiz bilen hem duýýarys. Halkara derejesine laýyk gelýän, dünýäniň öňdebaryjy we iň täze tehniki tilsimatlary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri, durmuşyň dürli pudagyna dahylly täze-täze zawodlar, fabrikler, ruhy-medeni dünýämiziň baýlygyny üpjün edýän medeni ojaklar, owadan seýilbaglar, ýollaryň ýakasyny we ortasyny bezeýän suw çüwdürimleri, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher... — buýsandyrýan netijeler barmak büküp sanardan has köp. Bu diňe soňky ýyllarda halkymyz üçin gurlup berlen binalaryň birje bölegi. Ýurdumyzda halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlaryň, festiwallaryň, dost-doganlyk gatnaşyklaryna dahylly dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriň, halkara derejesindäki sport ýaryşlarynyň ençemesi geçirilýär. Bu çäreleriň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidijilik güýji örän täsirlidir. Netijede, halkymyz we dünýä halklary Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjyndan bagtyýar hem-de hoşal, halkara jemgyýetçiligi bolsa türkmen halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklerinden nusga alýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň dünýälere nusgalyk bu döwletlilik ýoly watansöýer türkmen nesli arkaly dowam etdirilmelidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bilen bakýar. Her bir çykyşynda ýaşlar hakda döwletiň edýän bimöçber aladasyny ýatlaýar. Watanperwer, gaýratly, ylymly-bilimli, giň düşünjeli, çuňňur garaýyşly, ugurtapyjy nesliň kemala gelmegi üçin uly tagallalar edýär. Bularyň ählisi bir söhbediň dowamynda waspyny ederden beýik wakalardyr. Hormatly Prezidentimiz özüniň her bir asylly, paýhasly hereketi bilen tutuş ýaşlara görelde mekdebidir. Ýaşlaryň sagdyn bedenli we sagdyn düşünjeli bolup ýetişmegi üçin ylym-bilim bilen zähmetiň utgaşykly alnyp gidilmelidigini, hatda zähmet çekmekligiň hut özüniň beden terbiýesine gowy täsir edýändigini öz çykyşlarynda ýatlaýar.

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi