Gyz edebi — gyzyl gül

18 Noýabr 2024
242

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň biri hem ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda amala aşyrýan beýik işleri türkmen ýaşlaryna bagtyýarlyk paýlaýar. Biziň ýaşlarymyzyň ykbal paýyna düşen bu bagtyýarlygyň keşbi hem alyp barýan işlerinde bütin ajaýyplygy bilen şöhlelenýär.

Ene-mamalarymyzyň gyzyldan gymmatly maslahatlarynyň, öwüt-ündewleriniň ýaşlarymyza edýän täsiriniň hümmetini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Şonuň üçinem bu asylly däplerden ugur alyp, kümüş saçly enelerimiz ýaşlarymyzyň arasyna ýygy-ýygydan myhmançylyga çagyrylyp, olaryň gyzyldan gymmatly maslahatlary, öwüt-ündewleri olara ýetirilip durulýar.

Güller ORAZOWA,
«Türkmengeologiýa» DK-nyň Türkmenistanyň geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň başlygy.