Toý süýjüligi

2 Ýanwar 2021
3654

Birek-birege sowgat etmek ynsanlary ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Ýürekden aýdylan gutlaglardyr arzuwlar, dürli sowgatlar bolsa baýramçylyklaryň ýaraşygydyr. Süýji önümlerini sowgat etmek indi Täze ýyl baýramçylygynda hem ajaýyp däbe öwrülip gitdi. Bu maşgala baýramynda ýakynlarymyzy Täze ýylyň süýjülik sowgady bilen gutlamakda bize «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly ýardam edýär. Biz indi dost-ýarlarymyzy öz milli önümlerimiz bolan «Hasaryň» süýji-kökeleri bilen gutlap bileris.

Indi bassyr 20 ýyldan gowrak wagt bäri telekeçilikde iş alyp barýan, öz süýji-köke önümleri bilen dünýä bazaryna çykmagy başaran «Hasar» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işler, bu ýerde önümçiligi ýola goýlan täze önümler bilen tanyşmak maksady bilen, ýakynda bu kärhanada bolduk.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat AKMÄMMEDOW.