Marketingiň esaslary

17 Noýabr 2024
209

Marketingi dolandyryjy kärhana tarapyndan öndürilýän ähli önümi bada-bat ýerlemek üçin gerek boljak müşderileri agtarýan hünärmen hökmünde öňe çykýar. Marketingi dolandyryjy diňe bir islegi döretmek we giňeltmek bilen meşgullanman, eýsem, ony üýtgetmegiň, käte bolsa gysgaltmagyň meseleleri bilen hem meşgullanýar. Marketingi dolandyrmak wezipesi islegiň derejesine, wagtyna we häsiýetine täsir etmelidir. Bu bolsa öňde durýan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Sada dilde aýdylanda, marketingi dolandyrmak munuň özi islegi dolandyrmakdyr. Gurama öz harytlary üçin islegiň derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Her bir aýratyn alnan islegiň derejesi islenilýänden pes, laýyk, ýokary bolup biler. Bu ýagdaýlaryň ählisi bilen marketingi dolandyryjy iş salyşmaly bolýar.

Dolandyryjylar marketingiň ýagdaýyny seljermek, bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan kärhananyň wezipeli adamlarydyr. Muňa ýerlemek gullugynyň işgärleri, mahabat gullugynyň ýolbaşçy işgärleri, ýerlemegi höweslendirmek boýunça hünärmenler, marketingi barlaýjylar, harytlar boýunça dolandyryjylar hem-de nyrh emele getirmegiň meseleleri boýunça işleýän hünärmenler-de degişlidir.

Maraljan Kurbanowa,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy.