Gadymy Änew söwda-kerwen ýolunyň iri halkasy

14 Noýabr 2024
227

Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky üstünliklerini täze belentliklere çykarýan «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»  atly  dürdäne eserindäki «Ýurduň taryhynda bellenilip geçilýän şanly wakalar göwün joşduryjy ýakymly täsiri bilen adamlaryň ýadynda galýar» diýen parasatly sözleriniň hakykatyny dabaralandyrýar. 

Halkara jemgyýetçiliginde nygtalyşy ýaly, medeniýetleriň dostlugy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ýoluny gurýar. Hyzmatdaşlyk ýollary bolsa ykdysadyýetleri ösdürýär. Ykdysadyýetleriň ösmegi bolsa halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bagtyýar durmuş bolsa medeniýetleri dostlugyň we hyzmatdaşlygyň täze dessurlar bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.  Şonuň özi hem medeni çäreleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýändigini görkezýär.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.