Gyşa taýýarlykly barýarlar

12 Noýabr 2024
229

Ýurdumyzda ilaty özümizde öndürilýän gök-bakja, miwe önümleri bilen ýylyň ähli paslynda üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň, gök-bakja önümlerini, miwedir ir-iýmişleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi-de tassyklaýar. Şeýle desgalaryň biri-de, Daşoguz welaýatyndaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin gurlup, ulanylmaga berlen ammarydyr. Bu ammaryň umumy göwrümi 3 müň tonna barabar bolup, onda gök we bakja, miwe önümleriniň ýylyň dowamynda ilata terligine ýetirilmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bu ýerde daýhan hojalyklary, kärendeçiler bilen ýylyň başynda şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök-bakja önümleri we miweler satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär. Hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ýerden bol hasyl alýan ýer eýeleriniň we kärendeçi daýhanlaryň bu iş bilen meşgullanmaga islegini artdyryp, işjeňligini ýokarlandyrýar.

Häzirki döwrüň ösen kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we niýetlenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.