Terbiýe mekdebi

12 Noýabr 2024
492

Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesi, durmuş tejribesi bar. Pähimdar pederlerimiziň kemala getiren bu milli ýörelgeleri ýaş nesilleri terbiýelemekde hem nusgalyk ýoldur, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýaş nesilde pederlerimiziň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, wepalylyk, dogruçyllyk ýaly häsiýetlerini kemala getirmek üçin bilim işgärleri, mugallymlar asylly işleri alyp barýarlar. Bu günki günde bilimi we terbiýäni utgaşdyryp alyp gitmek, kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek baş maksadymyzdyr.

Ýaşlaryň terbiýesinde görüm-göreldäniň, ýagşy sözüň, wagyz-nesihatyň uly orny bar. Şonuň üçin hem ýaşlarda terbiýe mekdebini zähmetsöýerlik bilen utgaşdyrmak oňat netijesini berýär. «Adam bagdyr, zähmet onuň bagbanydyr» diýen nakyldan ugur alan ata-babalarymyz öz zähmeti bilen kemal tapypdyrlar. Berkarar döwletimizde ýaş nesliň döwrebap şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin çagalykdan halal zähmete bolan söýgini döretmek zerurdyr. Sebäbi çagalykda aňa siňen duýgy-düşünjeler, gylyk-häsiýetler uzak wagtlap hakydaňda galýar, berkeýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Adam halal zähmeti bilen mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar.

Muhammet BAÝLYÝEW,
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.