Tymsallar

12 Noýabr 2024
229

SEBÄP

Irki döwürlerde bir kerwenbaşy ýekeje ogluny hiç wagt ýanyndan aýyrmandyr. Hatda uzak ýurtlara gidende hem ony ýany bilen alyp gidipdir. Bir gezek kerwen uzak ýurtdan öz Watanyna dolanyp gelýärkä, bir guýynyň başynda ýük ýazdyryp, düşläpdir. Kerwenbaşy ogly bilen kerwendäki adamlaryň arasynda aýlanyp ýörkä horjuny agaç nahallarydyr, tohumlaryndan doly bolan bir ýolagça gözi düşüpdir. Şonda ogly kakasyndan şol nahallardan birini alyp bermegini haýyş edipdir. Soňra ol nahaly guýynyň golaýynda oturdyp, düýbüne suw guýupdyr. Kerwen ýene ýola düşüpdir. Aradan ýyllar geçipdir, oglan ulalypdyr. Ol hem edil kakasy ýaly ökde ýolbelet, kerwenbaşy bolup ýetişipdir. Ençeme ýyllar kerwenleri sag-aman öz menzillerine gowşurypdyr.

Taýýarlan Gülbahar SAPAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.