10 aýyň jemleri: Durnukly ösüşiň oňyn netijeleri

12 Noýabr 2024
250

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler baradaky meselelere seredildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijelerinden habar berýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň halkara giňişlikde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär.

Ykdysadyýet biri-birine bagly pudaklaryňdyr ulgamlaryň jemi hökmünde çykyş edýär. Olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň üpjün edilmegi bolsa durnukly ýagdaýyň gazanylmagyna itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda dürli ugurlarda kabul edilen konsepsiýalardyr strategiýalar, maksatnamalardyr meýilnamalar, ilkinji nobatda, şol düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ykdysady gurallar we serişdeler arkaly düzgünleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu çemeleşme maksatnamalaýyn ösüşiň döredýän artykmaçlyklarynyň biri bolup, onuň oňyn netijeleri durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 11,8 göterim artmagy tutuş ykdysady ulgamyň sazlaşykly hereketiniň netijesidir. Bu görkeziji ýurduň içinde öndürilen önümleriň möçberine we görnüşlerine ykdysady taýdan baha bermäge mümkinçilik berýär. Öz gezeginde, ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ýylyň-ýylyna artmagy entek ulanylmadyk içerki mümkinçiliklerimiziň uludygyny-da görkezýär. Ösüşe ukyply bolmak, ykdysady nukdaýnazardan, içerki we daşarky şertleriň çalt üýtgäp durýandygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiň täze ýagdaýlara tiz uýgunlaşmaga ukyplydygyny alamatlandyrýar. Şunda ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak ygtybarly ýollaryň biri hasaplanýar.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.