Üstünlige ýetmek aňsatmy?

10 Noýabr 2024
226

«7/24.tm»: №46 (23311.11.2024

Dur­muş gow­şak­la­ry ha­la­ma­ýar, edil gow­şak bol­ma­sa­-da, ju­da ak­ýü­rek­li, «po­la­dy ýum­şak» di­ýil­ýän adam­la­ry hem kä­te ýo­wuz sy­na­ga se­ze­war ed­ýär. Şeý­le ýag­da­ýa, köp­lenç, adam­la­ryň eden et­mi­şi ýa­da gü­nä­si hem se­bäp bo­lup du­ra­nok. Adat­ça, şeý­le sy­nag­lar ha­çan­-da yn­san ju­da jo­gap­kär­li işe baş goş­jak bo­lan­da dö­re­ýär. Bu — dur­mu­şyň sy­na­gy. Eger adam og­ly aň we be­den taý­dan agyr ýü­ki eg­ne al­ma­ga taý­ýar bol­ma­sa, dur­muş ony tap­la­mak üçin se­bä­bi nä­bel­li bo­lan kül­pet­le­ri ba­şyn­dan in­de­rip ug­ra­ýar. Şon­da özü­niň nä­me­de ýal­ňyş­lyk goý­be­ren­di­gi­ni tap­man, elew­räp ug­ran adam­zat ha­lys ke­le­biň uju­ny ýi­tir­ýär. Köp­lenç, tak­dyr­dan nä­ra­zy bol­mak, hat­da ýa­şa­ýyş umy­dy­nyň sö­neň­kir­le­me­gi ýa­ly ýag­daý­la­ra hem elt­ýän bu ýo­wuz sy­nag­lar, as­lyn­da, ada­my tap­la­mak üçin dö­re­ýär. Dur­mu­şyň ka­nu­ny öýüň düz­gü­ni ýa­ly se­niň is­le­gi­ňe bag­ly bol­ma­ýar. Bu ýa­şa­ýyş ka­nun­la­ry­nyň kä­te­-kä­te yz­gyt­syz da­ra­ýan­dy­gy üçin oňa «dur­mu­şyň de­mir ka­nu­ny» di­ýil­ýär.

Döw­ran AN­NA­MÄMME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.