Ýaşlara ekologik bilim bermegiň esaslary

8 Noýabr 2024
326

Ekologik düşünje we tebigata söýgi adamda çagalyk döwründe kemala gelýär. Ýaş nesilleri tebigaty goramak, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýelemek, olaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir. Ekologik bilim adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan iş.

Ekologik bilim ýöriteleşdirilmedik görnüşde gadymy döwürlerden bäri alnyp barylýar. Gadymy filosoflar Konfusiý, Lao-Szy, Demokrit, Aristotel öz ylmy işlerinde ekologiýa meseleleri bilen bagly umumy düşünjeleri beýan edipdirler. Köp sanly ylmy işlerde tebigat bilen ylalaşykly ýörelgelere uly ähmiýet berlipdir. Şunda tebigat bilimde we terbiýede esasy şert bolup çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem adamy ruhy taýdan kämilleşdirmek, erbet gylyk-häsiýetlerden el çekmek, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, tebigata söýgi döretmek ýaly ahlak ýörelgelere orun berilýär.

Berkeli ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň mugallymy.