«Ýaşyl» ykdysadyýet: durnukly ösüşe goşant

8 Noýabr 2024
315

Häzirki wagtda öňde durýan möhüm wezipeler, döwrüň öňe çykarýan meseleleri jemgyýetimizden has täzeçe usullary hem-de işläp taýýarlamalary talap edýär. Bularyň hatarynda ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy derwaýys mesele hem bar. Bu wezipeleri ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

2017-nji ýylda «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol degişli ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, adamyň we jemgyýetiň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, olary daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan goramaga gönükdirilendir. Kanunyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ekologiýa howpsuzlygy — hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolan ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygynyň ýagdaýydyr.

Meýlismyrat SAPAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.