Göllerde möhürlenen müňýyllyklar

8 Noýabr 2024
282

Daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz muňa «Watanyň parçasy» diýýärler. Ol türkmen ruhunyň we kalbynyň «sözlügini» açyp görkezýär. Gürrüň, elbetde, haly hakda barýar. Halyşynas bolmasagam, biziň ählimiz onuň aşygy we muşdagy. Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine barmagyma sebäp bolan zat hem, meger, ilkinji nobatda, şol jadyly gözellige hyrydarlyk bolsa gerek.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň binalary-da erişden geçirilen argaç ýaly, sazlaşykly reňk öwüşginini we bitewi kompozisiýany — binagärlik ansamblyny emele getirýär. Türkmen halysynyň muzeýi 1994-nji ýylda açylýar. 2009-njy ýylyň awgustynda täze, döwrebap binasy gurulýar hem-de oňa «milli» diýen dereje berilýär. Bu kaşaň binalaryň gabadyndan telim gezek geçenem bolsam, açylan gününden bäri ildeşlerimiziň we jahankeşdeleriň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülenem bolsa, meniň oňa ilkinji gezek gelşim. Maňa bu ýerde naýbaşy we juda seýrek haly eksponatlarynyň bardygyny aýtdylar. Muzeýde eden gürrüňimizem şolar hakda boldy.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».