Alaňňyrt

8 Noýabr 2024
281

Garagum sährasynda iň köp duş gelýän jandarlaryň biri-de alaňňyrtdyr. Süýdemdirijiler maşgalasynyň gemrijiler ugruna degişli bolan bu jandar Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän aýratyn goralýan tebigy meýdanlaryň üçüsinde, ýagny «Gaplaňgyr», «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanalarynyň hem-de «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelýär. Onuň ýene bir ady ýumrandyr.

Alaňňyrdyň bedeniniň agramy belkanyň beden agramy bilen deňräk, ýagny 800 gram töweregidir. Onuň uzyn we inçe süňkli barmaklary bar, şol sebäpli käbir ylmy çeşmelerde bu jandar «inçe barmakly alaka» diýlip hem atlandyrylýar. Aýaklarynyň üýtgeşik gurluşy böküp hereket etmäge ýardam edýär. Bedeniniň tüý örtüginiň köp bölegi çäge reňkli, arka böleginiň tüý örtügi sarymtyl, ýagny saman reňklidir. Şeýle penalaýjy reňk alaňňyrdy ýyrtyjy guşlardan we haýwanlardan goraýar. Ol tüý örtügini ýylda iki gezek täzeleýär. Alaňňyrdyň tüý örtügi gyş aýlarynda örän gür we uzyn, tomusda bolsa, tersine, gysgadan seýrek bolýar. Yzky aýaklarynyň dabany öňki aýaklarynyňkydan ep-esli uludyr.

Rejep ABDYRESULOW,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgäri.