Mähir siňen ýagyşlar (Oýlanma)

7 Noýabr 2024
291

Aslynda daş-töweregimizde görýän zatlarymyzyň bizde nähili duýgy döredýänligi özümize bagly. Şahyr aýtmaýarmy: «Gözellik biziň kalbymyzda döreýär» diýip. Nämedir bir zada göwnüň göterilip, şähdiň açyk wagty, hatda töweregiň tutuk görnüşlerem seniň gözüňe ýakymly görnüp biler. Tersine, keýpsiz çagyň töweregiň gözelligini duýmanam bilersiň. Mende-hä şeýle bolýar. Köplenç, tebigatdaky özgerişlikler maňa kalbymdaky ýatlamalara görä täsir edýär. Mysal üçin, ýagyş. «Nähili ýagyşlar bolýar?» diýip soraýsam, siz: «güýz ýagşy» diýersiniz, «ýaz ýagşy» diýersiniz. Emma başga hiç bir ýagyşlara meňzemeýän, juda üýtgeşik ýagyşlaryň bardygyny aýtsam ynanmarsyňyz.

Ýöne mende şeýle ýagyşlaryň telim görnüşi bar. Çagalygymyň ýagşy, ýaşlygymyň ýagşy... Olar, hakykatdanam, başga ýagyşlara meňzänok. Olaryň ýagşy-da üýtgeşik. Gowusy men size çagalygymyň ýagşy barada gürrüň bereýin...

Annagül BALKANOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.