Alymyň abraýly ýoly

7 Noýabr 2024
290

Ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyza, olary dünýä ýaýan ussatlarymyzyň bitiren işlerine mynasyp baha berilýär. Şeýle buýsançly sözleri biz milli žurnalistikamyzyň geçen ýoly barada hem aýdyp bileris. Sebäbi žurnalistiň işi dürli ugurlar bilen baglanyşykly bolup durýar. Türkmen žurnalistikasynyň, edebiýatynyň, terjimeçilik sungatynyň ösmeginde uly tagallalar eden halypalaryň biri-de Mämmetdurdy Annagurdowdyr.

Ilkinji türkmen terjimeçileriniň biri, milli metbugatyň, pedagogikanyň, ylmyň taryhyndan ýazylan ençeme kitaplaryň awtory M.Annagurdow 1913-nji ýylda Tejen etrabynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi Mary etrabynyň Begli perreň obasynda, Marydaky Utamyş internatynda alýar. Marydaky Mugallymçylyk orta hünär mekdebini tamamlansoň, Ýolöten etrabynda mugallym bolup işleýär. 1931-nji ýylda şol wagtky Aşgabat pedagogik institutynyň fizika-matematika bölümine okuwa girýär. Instituty tamamlap, ilki Maryda mugallymçylyk edýär. 1937-nji ýylda Aşgabada — Türkmen döwlet neşirýatyna bölüm redaktory bolup işe gelýär. Şondan iki ýyl soň ony neşirýatyň baş redaktory wezipesine belleýärler. 1940-njy ýylda ony «Türkmenokuwpedneşire», soňra Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sowetiniň medeniýet bölümine ýolbaşçy belleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda dürli jogapkärli wezipelerde işlän halypa alym 1967-nji ýyldan tä hormatly dynç alşa çykýança, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallymçylyk edýär.

Gülälek GOÇMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň mugallymy.