Altyn güýzüň bol hasyly

6 Noýabr 2024
283

Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem gülläp ösýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bir hatarda, ýerden bol hasyly almaga gerek bolan giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde oba hojalyk işlerinde zerur bolan ýokary hilli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Oba hojalyk pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem orny bellärliklidir. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde miweli agaçlaryň birnäçe görnüşi ösdürilip, olar bol hasyl eçilýär. Baglaryň datly miweleri yrýa edilmän ýygnalyp, esger saçagyna berilýär. Şeýle-de ol miweler harby gullukçylaryň maşgalalaryna elýeterli nyrhdan hödürlenilýär. Esasan hem bu ýerde alma, armyt, erik, ülje, şetdaly ýaly miweli baglar bilen bir hatarda üzümiň dürli görnüşi bol hasyl eçilýär. Güýz paslynyň häzirki dowam edýän günlerinde bolsa Hojalyk müdiriýetinde behi baglarynyň miwelerini ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Şirmyrat BABEKOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.