Bedew — hem syrdaş, hem ýoldaş

6 Noýabr 2024
274

Türkmen halky asyrlardan aşyp gelýän ata-baba ýol-ýörelgelerini özüniň gymmatly mirasy hökmünde häzirki güne çenli aýap, olary arzylap gelýär. Halkymyzyň arasynda şeýle uly hormata mynasyp bolan gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmeniň ýürek buýsanjy, goşa ganaty, syrdaşy hem ýoldaşy bolan gamyşgulak ahalteke bedewleridir. Türkmeniň durmuşynda atçylyk ýöne bir miras bolmak bilen çäklenmän, ol tebigata, ýaşaýşa bolan söýgini ebedileşdiren nusgawy sungat bolup durýar.

Taryh nireden, durmuşyň haýsy ýollaryndan başlanýan bolsa, şol ýerde, buýsanja mynasyp bolan, ata-babalarymyzyň bedewli geçen şöhratly menzilleri ýatandyr. Şahyrana halkymyzyň edebi mirasy bolan, halkyň ýürek duýgusyny özüniň setirlerine siňdirip, şöhratly ýollary geçip, şu günlerimize gelip ýeten halk döredijilik eserlerinde bedewiň waspy uludan ýetirilýär. Ahalteke bedewleriniň şöhraty türkmen medeniýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki ahalteke bedewi halkymyzyň durmuşyndan, paýhasyndan we zehininden kemala gelen mirasydyr.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.