Ylhamyňa ylham goşýar

6 Noýabr 2024
299

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen günsaýyn gözelleşýän mähriban Diýarymyzda 9-njy noýabrda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berilýär. Biziň mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary bu ählihalk watançylyk hereketine bir adam ýaly bolup agzybirlikde gatnaşýarlar. Şol gün mekdebimiziň daş-töwereginde miweli we saýaly daragtlaryň nahallarynyň ýüzlerçesini oturdarys, öňden bar bolan daragtlaryň bolsa düýplerini ýumşadarys.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalary mähriban Diýarymyzyň mukaddes topragyny has-da gözelleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bag ekmek işi hakyky watançylyk hereketine öwrüldi. Bu asylly hereketiň üsti bilen mähriban Watanymyza, dogduk depämize söýgimiziň, dürli ýatlamalarymyzyň, asyl bütin durmuşymyzyň tebigat bilen baglanyşyklydygyny ýaşlarymyza öwüt-ündew edýäris. Ýaşlar tebigatyň ylhamyňa ylham goşýan güýjüniň bardygyna sogaply işe agzybirlikli gatnaşanlarynda we bilelikde zähmet çekenlerinde göz ýetirýärler. Biz olara ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we tebigy baýlyklaryň üstüni ýetirmek, halkymyzyň mynasyp durmuş derejesi üçin oňaýly ekologiýa şertleriniň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hem gürrüň berýäris. Ýurdumyzda tebigata hormat goýmak, onuň baýlyklaryna aýawly garamak medeniýetiniň doly derejesinde kemala gelendigini düşündirýäris. Ekoulgamyň tämizligini, abadançylygyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan hem ýeterli serişdeleriň yzygiderli goýberilmegi we olaryň ýerine düşýändigi ekologiýa syýasatynyň uly üstünligidir. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyza aýawly çemeleşmek her bir raýatyň mukaddes borjuna öwrüldi.

Arzuw MUHAMMEDOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.