Watanymyzyň şöhratyna şan goşup

6 Noýabr 2024
307

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirip, mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine tutumly işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täzelenişe, ösüş-özgerişlige gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, il-ulsuň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň rowaçlyga, abadançylyga gönükdirilen tutumly işleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär, ata Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.

Rozaý POLATOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.