Bag miwesi şirin bolar

5 Noýabr 2024
294

Bereketli bazarlarymyzdaky azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşup gelýänleriň biri-de Gökdepe etrabynyň Garrykäriz obasynda ýaşaýan zähmetsöýer bagban Garýagdy Garajaýewdir. Mellek ýerini bereket çeşmesine öwrüp, ondan ynsan saglygy üçin tenekar bolan dürli miweleriň bol hasylyny alyp gelýän bagbanyň hurma agaçlaryny göreniňde gözüň dokunýar. Garýagdy indi on iki ýyldan bäri hurmanyň «korolýok» görnüşini ýetişdirip, onuň bereketli hasylyny alyp gelýär.

— Hurma hasylly agaç. Bagymyzda onuň 60-a golaý düýbi bar. Hurmanyň miwesi şirin bolup, ynsan saglygy üçin özboluşly melhemlik ähmiýeti bar. Bagymyzdaky hurma baglarynyň her birinden onlarça kilogram miwe alýarys. Miweler halkymyzyň bereket baýramy bolan Hasyl toýuna ýetişýär. Dürli ýokumlara baý bolansoň, oňa isleg hemişe uly. Yhlas siňdirip ýetişdiren miwelerimizi ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagynda görmek biz üçin uly bagt. Şeýle asylly işe goşant goşýandygyma çäksiz begenýärin — diýip, Garýagdy Garajaýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz. SURATDA: tejribeli bagban Garýagdy Garajaýew. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.