Baglar — tebigatyň gözelligi

5 Noýabr 2024
445

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak barada aýdanlary halkymyzda şatlyk duýgusyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiz her bir işde pederlerimizden gelýän ajaýyp ýol-ýörelgelere, asylly däplere eýerýär. Gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda-da bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda we özüniň gatnaşmagynda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär. Şonuň çäginde güneşli Watanymyzyň giň çäklerinde täze tokaý zolaklary emele gelýär, daş-töweregimiz bagy-bossanlyga bürenip, türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Dürli görnüşli baglar, güller, bezeg ösümlikleri bu gün obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň döwrebap keşbine özboluşly gözellik goşýar.

Läle ATABALOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.