Paýhasyň güýjüne eýlenen şygyr

5 Noýabr 2024
452

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyz üçin taryhy ähmiýetli waka boldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy hem-de täze goşgusyny okap bermegi hemmeleriň göwnüni göterdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Biz geljek, 2025-nji ýylda şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris. Bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýarys» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisiň barşynda okap beren täze goşgusy şol ählumumy wezipäniň durmuşa geçirilýändigini äleme ýaýan milli pähim-paýhasdan saldamy ýeten ajaýyp subutnama boldy.

Zybanlara zynat, dillere aýdym boljak täze goşguda çuňňur pelsepe bilen çeper sözüň sazlaşygy başdan-aýaga dowam edýär. Onda okyjyny tolgundyrýan şygar kysmy joşgun duýulýar. Hakdan halatly, ylahy ylhamly Gahryman Arkadagymyz belent äheň, beýik nama hem dana paýhas bilen başlanýan şygrynda şeýle belleýär:

Ogultagan GELDINYÝAZOWA,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.