Bagtyýarlygyň güwäsi

5 Noýabr 2024
295

Eziz Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň, badalga beren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ajaýyp miweleridir.

Raýatlaryň saglygy we olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen döwletiň uzak möhletleýin ykdysady ösüşiniň arasynda gös-göni, jebis baglanyşyk bardyr. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak wezipelerini ýurduň milli durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli hem-de esasy maksatlarynyň biri hökmünde üns berýär. Bu wezipeler köpugurly maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýär.

Gülnara ÝAGMUROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly Fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.