Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

5 Noýabr 2024
311

Eziz Watanymyz syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň baý däpleri täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap ugurlaryny özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşygy, halkymyzyň taryhy-medeni özboluşlylygy, baý milli mirasy, dünýä meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler, täsin tebigy ekologiýa ulgamlary syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäginde hem daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan türkmen topragynyň tüýs jahankeşdeleri özüne baglajak mekandygy aýratyn nygtaldy. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň esasy ugry bolup durýar.

Maýsa BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.