Akrap gyşyň owsuny

5 Noýabr 2024
317

— Irki döwürlerden bäri pasyllar, döwürler bilen bagly söhbet edilse, «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýlen aýtgynyň ýatlanylýandygyny köpler bilýän bolsa gerek. Sebäbi asman gümmezindäki ýyldyzlar bilen gyzyklanýan adamlar oktýabr we noýabr aýlarynda ir sagat 5 — 6 aralygynda asmanyň günorta böleginde, dik depäňde diýen ýaly, topbajyk üýşüp duran Ülker, Aralyk ýyldyzlar toparyny, Üçýyldyzy,Ýaldyrak ýyldyzyny, ondan sähel aşakda bolsa, terezä meňzeş bolup duran Mizan ýyldyzlar toparyny görüp bilerler.

Ata-babalarymyzyň ýyldyz senenamasy boýunça mizandan soň, akrap döwri başlanýar. Häzir şol döwür dowam edýär. Akrap döwri oktýabr aýynyň 22-sinden öz hökümini ýöredip başlaýar we noýabr aýynyň 22-sine möwritini tamamlaýar. Diýmek, akrap döwri biziň eždatlarymyzyň ýöredip gelýän ýyldyz senenamasyna görä, laýyk 30 gün dowam edýär. Ekerançylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ýylboýy alyn derlerini döküp, kemala getiren ekinleriniň üstüni gyş üçin niýetlenip basylyp goýlan bede, beýleki haşal otlar, saman, ýandakdyr syrkyn desseleri bilen basyryp, olaryň sowuk urmazlygyny gazanypdyrlar. Joýada ýetişdirilýän güýzki gök-bakja ekinlerini bolsa sapagyndan ýolman, biýaralary bilen joýalaryň içine taşlap, terligine basyryp goýupdyrlar. Şeýdibem, hasyly sowuk urmakdan halas edipdirler.

Çerkez ALLAJYKOW,
mirasgär.