Türkmen topragy — bereket çeşmesi

5 Noýabr 2024
359

Häzirki ajaýyp döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem beýik ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

Oba hojalyk pudagy ylmyň gazananlary, dünýä tejribesinde gazanylýan üstünlikler hem-de milli tejribelerimiz bilen sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki wagtda gallaçylyk, pagtaçylyk, şalyçylyk, gök-bakjaçylyk, üzümçilik, maldarçylyk, guşçulyk we oba hojalygynyň beýleki ugurlary döwrebap kämilleşdirilýär. Oba milli maksatnamalaryna laýyklykda, sebitlerde täze, döwrebap obalar, şäherçeler, oba hojalyk önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin niýetlenen ammarlar, azyklyk iýmit önümlerini öndürýän kärhanalar, agyz suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.