Kitap — ynsanyň ýakyn hemrasy

5 Noýabr 2024
445

Halkymyzda ylym-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba uly hormat-sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr.

Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýar. Kitaplaryň taryhyň synagyndan geçip, geçmiş barada dil açýan tapylgysyz hazynadygy, kitap okaýan adamyň ýüreginiň mähir-muhabbetden pürepür bolýandygy barada hemmämiz bilýäris. Kitap geçmişi, şu güni bir ýere jemleýär. Kitaplar bize geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, ylym-bilim derejesi, döredijilikli ýollary, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary barada gürrüň berýär. Kitap okamak ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň akyl we bilim taýdan ilerlemegine kömek edýär. Kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, dosty we ýoldaşydyr. Perzent terbiýesinde ata-babalarymyzyň öz öwüt-ündewlerinde gaýta-gaýta tekrarlaýan nesihatlarynyň biri-de kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Kitaby köp okamak ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär, ruhubelent ýaşaýşa höwes döredýär.

Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.