Ulag diplomatiýasynyň rowaç menzilleri

5 Noýabr 2024
464

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ulag diplomatiýasyny üstünlikli ilerletmek bilen, beýik işleri we ägirt taslamalary yzygiderli amala aşyrýar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýalar toplumynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär» diýip, geljegi uly bolan bu ulgamyň geriminiň barha giňeldilýändigine üns çekdi.

Ulgamy ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümleri döretmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem-de strategik maksatlaryň uly toplumyna ýetmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze dereje bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama hem bar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şonuň ýaly-da pudaklaýyn maslahatlar hem yzygiderli guralýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ugurda bu iri halkara bileleşik we beýleki guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümleri yzygiderli giňeldilýär. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmek we daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işler hem alnyp barylýar.

Nurmuhammet SÜLEÝMANLY,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.