Beýik maksat tutunanlaryň özleri-de beýikdir

5 Noýabr 2024
349

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşy diňe şu ýylda amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň jemleri hakynda bolman, eýsem, şol bir wagtda geljekde-de öňde duran işleriň maksatnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri bolsa her bir türkmenistanly üçin özboluşly çagyryş bolup ýaňlandy.

Biziň jemgyýetimizde halk bilen Prezident bir jan, bir tendir, aýrylmaz bitewülikdir. Halkymyz Garaşsyzlyga eýe bolan günümizden agzybirlik, jebislik ýoluny saýlap aldy we bu ýoluň dogrudygyny arka atylan otuz ýyldan gowrak wagt subut etdi. Bu geçen döwürde döwletimiz ähli ugurda uly ösüşleri gazandy. Bu ösüş-özgerişleriň gerimi şeýle bir uly welin, olary Garaşsyzlykdan öňki hem soňky döwri gören adam bolaýmasaň, göz öňüne getirmegem aňsat däl. Ýekeje mysal, türkmen halysyny daşary ýurtlaryň bazaryna çykaraýsaň, ýönekeý adamlar-a däl, hatda özüni bu ugurdan bilermen saýýanlar hem oňa «Hä, bu Buhara halysy» diýýärdiler. Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, halkymyz ähli gymmatlyklaryna eýe boldy. Häzirki döwürde ol gymmatlyklaryň sany artyp gidip otyr. Türkmen halylary hakynda aýdylanda, häzir olary tanatmak gerek däl, olary bütin dünýä tanaýar. Ýöne munuň üçin ýyllar gerek boldy. Ýyllar bolsa türkmeniň haýryna işleýär...

Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».