Tylla ýapraklar

4 Noýabr 2024
496

Mähriban çagalar, biziň daş-töweregimizi gurşap alan dürli agaçlaryň gözelligini synlamagyň özi-de diýseň ýakymly. Tebigatyň ajaýyplyklaryna görk goşýan dürli agaçlar güýz paslynda-da özboluşly bir gözellige eýe. Agaçlaryň ýapraklarynyň güýz paslynda tylla reňkde öwsüp, gaýyp ýere düşmegi-de kiçijek synçylar üçin gyzykly. Biziň häzirki size öwretmek isleýän bezegimiz hem ýapraklaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Has takygy, güýz paslynda agaçlaryň şemala galgap, ýere düşen ýapraklaryny ýygnap alyp, olary kagyz ýüzüne geçirmek bilen hem gözellik döredip bolýar. «Nähili?» diýýäňizmi?! Onda ünslüje bolup, ýerine ýetirmäge başlalyň!

Maslahat: Mähriban okyjylar, kiçi ýaşly jigileriňiz bilen şu ýaprakly bezegleri ýerine ýetireniňizde olara agaçlaryň dürli görnüşleri barada gürrüň beriň. Ýapraklaryň görnüşleri, olaryň näme üçin agaçdan düşýändikleri hakynda olara aýdyp beriň.

Arzygül ATAÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň suratkeşlik gurnagynyň mugallymy.