Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak

3 Noýabr 2024
481

Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgamdan peýdalanmaga giň mümkinçilik döredilýär, kompýuter tehnologiýasyny ösdürmek üçin netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem bu ugruň ösdürilmegi döwrebaplyk bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary ylmy esasda öwrenilýär. Şonuň ýaly-da, sanly tehnologiýalar bilim özgertmelerinde hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ulgamda kämil hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm ugurlaryň biridir. Ösen tehnologiýalardan peýdalanmagy we dolandyrmagy ýaşlara öwretmek, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek bilim özgertmeleriniň esasy ugry bolup durýar.

Ýaş nesliň sanly tehnologiýalara düşünmekleri, esasan, orta mekdepden gözbaş alýar. Orta mekdeplerde informatika sapagy okadylýar we okuwçylaryň tehnologiýalara erk etmekleri üçin dürli mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem, okuwçylaryň bu sapaga oňat düşünýändiklerini, bu ugurdan bilimleri gowy özleşdirýändiklerini aýratyn bellemegimiz gerek. Birinji synpda okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Bu beýik işleriň netijesinde okuwçy ýokary synplarda geçilýän informatika sapagyna taýýarlykly barýar, kompýuter tehnologiýasy hakynda düşünjeleri baý bolýar. Şu nukdaýnazardan, informatika sapagy guramaçylykly, okuwçylaryň işjeň gatnaşmagy netijesinde geçirilýär.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.