Daýhanlaryň armasy ýetirildi

1 Noýabr 2024
277

Şu günler ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biziň etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem üstümizdäki ýylda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we isripsiz ýygnap almak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Möhüm möwsümiň häzirki günlerinde etrabymyzyň «ak altynly» pellerinde ýüwrük elli ýygymçylaryň müňlerçesi ýadawsyz zähmet çekip, harmanlaryň beýgelmegine önjeýli goşant goşýarlar.

Biz hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary bolup, pagtaçy kärendeçileriň arasynda wagyz-nesihat işlerini, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirmäge goşandymyzy goşýarys. Daýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen, golaýda etrabymyzyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde «Daýhanlar baýaýar — ýurt kuwwatlanýar» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirdik. Günortan çagy geçirilen bu dabaranyň dowamynda pagta hasylyny ýygnamakda ussatlyklaryny görkezýän ýygymçylaryň armasy ýetirilip, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleri, döwletli döwranymyzy wasp edip belentden ýaňlanan aýdymlar ýüwrük elli ýygymçylara ruhubelentlik paýlady. Şeýle-de öňdebaryjy kärendeçilere, sürüjilere, ýüwrük elli ýygymçylara etrap komitetimiz tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Saýýara JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň bölüm müdiri.