Süýji ýatlamalarym — çagalyk ýyllarym

31 Oktýabr 2024
432

Çagalygy bagtyýarlykda geçen ynsanyň durmuşyň islendik pursatlarynda hem aljyraman, dogry hem mynasyp baş alyp çykyp bilýändigi subut edilen hakykat. Aslynda-ha, adam durmuşda hemişe diýen ýaly, bagtly bolmagyň açaryny gözläp gezýär. Emma ol açaryň birwagtlar geçip giden çagalygynda gizlengi ýatandygyna welin, känbir düşünmeýär. Böwrümizi diňläp, üns bilen mazaly pikirlenip görsek, hakykatdan hem bize şatlyk berýän duýgularyň ýaşalmaly däl-de, ýaşalan günlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna düşünmek kyn däl. Ýöne ynsanyň köňli hergiz görmedik ýerlerine, eşitmedik sözlerine, ýöremedik ýollaryna höwesgär. Şeýle-de bolsa, biz entek duýup görmedik ýagdaýlarymyzyň nätanyş lezzetinden bagtly bolup bilemzok.

Durmuş bu, käteler seniň çagalykda ürç edip diňlän ýa hiňlenen aýdymyň tötänleýin gulaga kaklyşyp gidýär. Ýa-da çagakaň hezil edip okan söýgüli kitabyňa gabat gelýärsiň. Çaga wagtyň halap iýen tagamlaryň, okan kitaplaryň, gören filmleriň göz öňüňde janlanan wagty, şol pursat seni bagtyýar çagalygyňa tarap «uçuryp» goýberýär. Görsene, şat geçen çagalyk seni orta ýaşdan soňam bagtyýar edip biljek ekeni.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».