Şat günüňde şatdyr ol

31 Oktýabr 2024
283

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahat «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine bagyşlandy.

Rowaýat kysmy bu gürrüňde şeýle diýilýär. Nuhuň tupany dartylyp, gury ýere çykylandan soň pygamberimiz Nuh janly-jandarlaryň hemmesini jübüt-jübütden edip, öz ygtyýaryna goýberýär-de: «Baryň, indi täze ýaşaýşy özüňiz guraň!» diýýär. Janly-jandarlar dyr-pytrak bolup, täze ýaşaýşa başlaýarlar. Şonda adamzada höwrügip ýanynda galan at bilen itmiş diýlen gürrüň bar. Asyrlaryň gatynda syr bolup galan bu wakanyň näderejede hakykata golaýdygyny bilmesegem, bize durmuş hakykaty başga bir zady aýan etdi. Ol, türkmen bedewi bilen alabaýynyň halkymyzyň iň wepadar dostlaryna öwrülendiginiň hakykatydyr.

Medine ÝARMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.