Bag — durmuşyň bezegi

30 Oktýabr 2024
323

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky taýsyz tagallalaryny, bu babatda öňde goýýan wezipelerini wagyz etmek hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy TAP-nyň Görogly etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde «Bag durmuşyň bezegidir» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurady. Oňa TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy Döwletmyrat Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow, etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Baýrammyrat Hojaýew, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Agabaý Taganýazow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Gutlymyrat Aşyrow dagy gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bagbançylygy ösdürmek, baglary hem-de olary ýetişdirmek bilen meşgullanýan bagbanlary höweslendirmek, bu ugurda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrunda amala aşyrýan işleri, bu babatda döredýän şertleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar» diýip belläp geçmek bilen, onuň çäklerinde her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň guralmagynyň, ýerlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtady.

Ýörite habarçymyz.