Il saglygy — ýurt baýlygy

30 Oktýabr 2024
315

Armyt

Ir-iýmişleriň arasynda armyt özüniň üýtgeşik tagamy we ýakymly ysy bilen tapawutlanýar. Armytda adam bedeni üçin zerur bolan witaminler, minerallar toplanandyr. Ol kaloriýasy pes ir-iýmişlere degişlidir. Bu iýmit siňdirişiň sazlaşykly bolmagyna kömek edýär, düzüminde witaminleriň we minerallaryň köp bolmagy immuniteti ýokarlandyrýar. Düzüminde efir ýagynyň bolmagy howsalany, nerw dartgynlylygy aýyrýar we sowuklamany azaldýar.