Ýagsana ýagyş, ýagsana!

29 Oktýabr 2024
355

Ýagyş ynsan kalbyny heýjana salýan tebigy hadysalaryň biridir. Ýagyş ýagan pursady kimler hyýalynda ýatlamalar dünýäsine sary gitseler, kimler geljek hakyndaky süýji arzuwlara berilýärler. Asmandan sazlaşykly dökülýän damjalaryň owazy döredijilik adamlaryny hem biparh goýmaýar. Ýagyşly pursatlarda kalby joşan aýdymçy-sazandalar, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler öz döredijiliginde ýagyşly günüň ahwalyny beýan edýärler.

Ýagyşlar hemme pasla diýen ýaly mahsusdyr. Şeýle-de bolsa, her paslyň öz aýratynlygyna görä, ýagýan ýagşy bar.

Ogulnar ANNAÇARYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.