Ösümlik ýagy öndürilýär

29 Oktýabr 2024
363

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Ahal» ösümlik ýag kärhanasy ýurdumyzda ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Bu gün ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde ady agzalan bu kärhananyň uly orny bar. 

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan, Azyk senagaty döwlet birleşigine degişli bolan bu kärhanada halkyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň biri bolan ösümlik ýagynyň ýylda ýüzlerçe tonnasy öndürilýär. Ilatyň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Ahal» nyşanly ösümlik ýagy bu gün dükanlarda, söwda nokatlarynda iň islegli önümleriň birine öwrüldi. Ösümlik ýagynyň uly islege eýe bolmagynyň sebäbini önümiň hiliniň ýokarydygy hem-de saglyga ýokumlylygy bilen düşündirmek bolar.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.