Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

28 Oktýabr 2024
232

 26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar.

Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.